Saud Arabystanynyň gaznasy Beýik Britaniýanyň iň iri Hitrou howa menzilini satyn alýar
Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasy Londonyň iň iri halkara howa menzili bolan Hitrou howa menziliniň 10% paýnamasyny satyn alar. Bu geleşige «Ardian» fransuz maýa goýum kompaniýasy hem gatnaşýar diýip, «Bloomberg» habarlar agentligi habar berýär.
Iki maýa goýujy bilelikde howa menziliniň paýnamalarynyň jemi bahasy, 2,4 milliard funt sterlinge (3 milliard dollara) deň bolan 25 göterimine eýe bolarlar.
Saud Arabystanynda bellemeklerine görä, Patyşalygyň özygtyýarly gaznasy howa menziliniň «uzak möhletli hyzmatdaşy» bolmaga çalyşýar. Çünki Hitrou howa menzili eýýäm Katardan we Singapurdan özygtyýarly gaznalary maýa goýujy hökmünde göz öňünde tutýar.
Bu karar Saud Arabystanynyň has köp daşary ýurtlulary çekmek üçin syýahatçylygy we syýahatçylyk infrastrukturasyny kämilleşdirmek baradaky meýilnamalary bilen baglanyşyklydyr.
Saud Arabystanynyň özygtyýarly gaznasy 1971-nji ýylda esaslandyryldy we ýurdy dolandyryjy nesilşalyk tarapyndan dolandyrylýar. Gaznanyň maksady – nebit eksporty bilen baglanyşykly bolmadyk kompaniýalara we pudaklara maliýe kömegini bermek arkaly ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybarat. Gaznanyň häzirki başlygy Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ibn Salman. Gaznanyň umumy serişdeleri 620 milliard dollara barabar.
Saud Arabystanynda bu gazna «Saudi National Bank» we «Saudi Telecom Co.» ýaly iri kompaniýalaryň köpüsine gözegçilik edýär. Şeýle hem bu kompaniýa Patyşalygyň daşyndaky uly baýlyklara eýelik edýär.