TDHÇB-de söwdalar: daşarky we içerki bazarda nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri uly islegden peýdalanýar
Çarşenbe güni, 21-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri uly islegden peýdalandy.
Gazagystandan telekeçiler «TPP Z 30 G» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.
Içerki bazarda türkmen telekeçileri aşgarlanmadyk nah ýüplügini satyn almak barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 4 640 878,80 manatlyk we 1 000 000 dollarlyk 2 geleşik baglaşyldy.