«Arkadag» futbol kluby «Zenit» bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşygyny deňlikde jemledi — 1:1

21-nji fewralda ýurdumyzyň «Arkadag» futbol kluby Russiýanyň çempiony «Zenit» bilen duşuşdy. Toparlaryň Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde guralan ýoldaşlyk duşuşygy deňlikde tamamlandy — 1:1.

Ilki bilen hasaby açmak Russiýanyň çempionyna miýesser etdi. Toparyň guramaçylykly hüjümi fransiýaly hüjümçi Wilson Izidoryň goly bilen jemlendi. Türkmen kluby bu goly jogapsyz goýmady. Garşydaş toparyň ýol beren gödek oýny sebäpli bellenen jerime urgusyny ýerine ýetirmek «Arkadag» toparynyň zehinli futbolçysy Altymyrat Annadurdyýewe ynanyldy. «Zenidiň» derwezeçisi Altymyradyň dürs urgusyna böwet bolup bilmedi. Şeýlelikde, deňlik emele geldi — 1:1.

Türkmenistanyň çempiony hem-de Kubogynyň  eýesi bolmagy başaran «Arkadag» futbol kluby nobatdaky ýoldaşlyk duşuşygyny 25-nji fewralda Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparynyň garşysyna geçirer.