Ermenistanda Magtymguly Pyraga bagyşlanan ýadygärlik ýazgyly neşir önümleri çap edildi
Türkmen edebiýatynyň görnükli söz ussady, akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýini, şeýle hem 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygaryny bellemek üçin Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyraga bagyşlanan ýadygärlik ýazgyly neşir önümleri (otkrytka) çap edildi.
Ýadygärlik ýazgylaryň öň tarapda şahyryň şekilleri we arka tarapynda Magtymguly Pyragynyň ermeni dilindäki eserlerinden bölekler bar. Goşgularyň terjimesini şahyr-terjimeçi Warujan Hastura degişlidir.