«BMW X7-niň» hem-de «Mercedes GL/GLS-iň» bäsdeşi bolup biljek «Audi Q9» — ilkinji gezek ýokary hilli suratlarda
Awtomobil senagatynda möhüm waka garaşylýar. «Audi» kompaniýasy iň uly krossoweri bolan «Audi Q9» awtoulagyny hödürlemäge taýýarlanýar. Ozal bu ulagyň synag prototipleriniň suratlary peýda bolupdy. Ine, şolaryň esasynda hem, «kolesa.ru» täze önümiň şekillerini döretdi.
«Audi Q9» kysymly awtoulagyň işlenýändigi hakyndaky maglumatlar uzak wagt bäri internetde ýaýrapdy, ýöne onuň prototipleriniň suratlary diňe şu ýyl neşir edildi. Şol fotosuratlarda bu awtoulagyň esasy aýratynlyklaryny görmek bolýar.
Bu ýerde ünsüňizi çekýän esasy aýratynlyk ulagyň beýik üçegi we dik arka sütünleri bolan adaty bolmadyk gabara şekilidir. Umuman aýdylanda, onuň dizaýny kompaniýasynyň beýleki modellerine hem laýyk geler. Öň tarapdan, aýratynlykdaky optika ünsüňi çekýär, onuň üstünde bolsa LED yşyklary we aşaky esasy ýagtylandyryjynyň uly bölekleri bolar.
Radiator gözenekleri V görnüşli nugada bolar. Ulagyň gapysynyň tutawaçlary «Audi» üçin hem standart bolmadyk görnüşe eýe bolar, ýöne bu çözgüt eýýäm kompaniýanyň beýleki täze modellerinde hem bellige alnypdyr. Yz tarapyndaky LED zolak bilen birleşdirilen çyralar onuň gapdallaryna çenli uzap gidýär. Munuň özi ulagyň bezegine özboluşly öwüşgin çaýýar.
«Audi Q9» awtoulagynyň adaty içerki ýangyç hereketlendirijileri bilen, dürli gibrid nusgalarynda hödürlenmegine garaşyp bolar. Bu onuň daşky aýratynlyklarynda öz beýanyny tapýar. Şol bir wagtyň özünde bolsa kompaniýanyň täze atlandyryş ulgamyna gabat gelýär, bu ýerde täk sanlardan indeksleri bolan modeller içerki ýangyç hereketlendirijisine eýelik eder, jübüt sanlary bolanlar doly elektrik ulgamyny özünde jemlär. Ulagyň içki gurluşy hakynda aýdylanda, bu ýerde oturgyçlaryň üç hataryny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, ol meşhur «BMW X7» we «Mersedes-Benz GLS» kysymly awtoulaglaryň esasy bäsdeşine öwrüler.