Türkmenistanyň deňiz ulag pudagyny sanlylaşdyrmakda gazanylan üstünlikler BMG-niň Ženewadaky ofisinde tanyşdyryldy
2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Ženewada geçirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulag komitetiniň 86-njy mejlisinde, «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy «Hazarüsti ulag geçelgesinde hukuk resminamasy we BMG-nyň ülňülerini ulanmak bilen, maglumatlaryň we resminamalaryň multimodal alyş-çalşyny sanlylaşdyrmak üçin ýol kartasy» atly maslahatlaşmada çykyş etdi.
Başlyk öz çykyşynda deňiz ulag pudagynda sanly ulgama geçmegiň esasy artykmaçlyklaryny we onuň deňiz pudagyny ösdürmekdäki ähmiýetini, şeýle hem, «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» durmuşa geçirilmegi barada belläp geçdi.
Agentligiň başlygy oňa mysal edip, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ulanylyşa girizilýän TOS (Terminallary Dolandyryş Ulgamy) elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyny belläp geçdi. 2018-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Baku portunyň arasynda awtomatiki maglumat alyş-çalşygy barada şertnama baglaşyldy. Häzirki wagtda iki portlaryň arasyndaky ulgamlary birikdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şeýle hem, amatly hyzmatlary döretmek we hyzmatlaryň gowulandyrmak üçin Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň müşderilerinden arzalary elektron görnüşde kabul etmek ulgamy girizildi. Milli deňiz söwda flotundan ýolagçy biletlerini onlaýn satmak boýunça hem işler ýola goýuldy. Ýurdumyzdaky deňiz ulag pudagynyň döwlet edara-kärhanalaryny birleşdirýän we utgaşdyrýan elektron resminama dolanşygy döredildi.
Alnyp barylýan strategiki çäreleriň esasynda, ýakyn wagtda Hazar we Gara deňiz portlarynyň arasynda we geljekde Ýewropanyň esasy portlary bilen maglumat alyş-çalşygyny ýeňilleşdirmek üçin sanly platforma döretmek meýilleşdirilýär.