“Afghantelecom” parahatsöýüjilikli aragatnaşyklar üçin bilelikde işlemäge taýyn
"Türkmentel-2022" Halkara konferensiýasyna gatnaşanlaryň arasynda köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bardy. Olaryň arasynda Owganystandan gelen wekiliýet hem bar. ORIENT türkmen-owgan gatnaşyklary mowzugyna degişli köp maglumat çap etdi. Goňşy halklarymyz diňe bir gadymy gatnaşyklara eýe bolman, eýsem häzirki döwürde olary üstünlikli ösdürýärler.
Mysal üçin, Türkmenistan Owganystanda mekdep, çaga dogrulýan öý, hassahana, metjit, söwda merkezini, demir ýoluň belli böleklerini we ş.m. öz hasabyna gurdy. Köp ejirler başyna düşen bu ýurduň halkyna gaty zerur bolan dürli hünärler boýunça türkmen uniwersitetlerinde owgan talyplaryny mugt taýýarlamak däbe öwrüldi. Türkmenistanda öndürilýän elektrik energiýasy we suwuklandyrylan gaz Owganystana ýeňillikli şertlerde iberilýär, dürli ynsanperwer ýükleri yzygiderli ugradylýar.
Aşgabatda geçirilen foruma “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen işewür gatnaşyklary ýola goýan “Afgantelekomyň” hem wekiliýeti gatnaşdy. Oňa Mahmatzahad ýolbaşçylyk etdi.
Mahmatzahad: "Aşgabat forumy wekiliýetimizde uly gyzyklanma döretdi, bu ýerde biz üçin öwrenmäge zat kän" – diýdi. – “ Biz halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda durnukly aragatnaşygyň möhüm rol oýnaýandygyna ynanýarys. Goňşy döwletleriň hemmesi bilen gowy gatnaşyklarymyz bar we biziň kompaniýamyzyň wezipesi – parahatçylykly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin aragatnaşyk ulgamlarynyň üznüksiz işlemegini tehniki taýdan üpjün etmek.
Goňşularymyz bilen, hökümet derejesinde-de, halklarymyzyň arasynda-da, hakykatdanam doganlyk gatnaşyklarynyň bolmagyny isleýäris. Owganystanda tehniki taýdan ýola goýlup, häzirki wagtda kem-kemden ösýän aragatnaşyk ulgamy muňa goşant goşýar. Galyberse-de, parahatçylyk bar ýerinde mynasyp durmuş bar. Biz Owganystanda geljekde parahatçylykly durmuş durnukly ornaşar diýip umyt edýäris.
Türkmenistan we Owganystan diňe bir goňşy ýurtlar däl, eýsem dogan ýurtlar. Biziň ýurtlarymyzyň iki nokatda - Turgundide we Ymamnazarda - süýüm-optiki aragatnaşyk liniýasynyň döwletara çatrygy bar. Biz olary ulanýarys we olaryň halklarymyza biri-birine has ýakynlaşmagyna kömek etjekdigine ynanýarys.
– Aşgabat mähirli we myhmansöýer adamlaryň ýaşaýan örän owadan şäheridir. Bu ýerde halkara konferensiýasynyň guralyşyny juda haladyk. Biz bu ýerde diňe bir gowy hünärmenler bilen duşuşman, eýsem olar bilen dostlaşdyk. Bu bolsa, bize bilelikdäki işimizde kömek eder.