«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde möhüm we giň gerimli taslamalaryň onlarçasy bar
Geçen ýyllarda gazanylan üstünlikleriň binýadynda Hökümetimiz tarapyndan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy» işlenip taýýarlandy we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň karary bilen tassyklandy.
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde möhüm we giň gerimli
taslamalaryň ençemesi, şol sanda halkara, sebit ähmiýetli uly
taslamalaryň onlarçasy bar. Şeýle hem geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam etdiriler.
Ikinjiden, bular söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek häsiýetli maksatlardan ybaratdyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.
Ykdysadyýetiň netijeli işlemegi, önüm öndürijileriň düşewüntli
bolmagy, täze iş ýerleriniň döredilmegi, aýlyk zähmet haklarynyň we ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagy töleg ukyplylygynyň ösmegine, bazarlarda harytlary sarp edijilik isleginiň ýokarlanmagyna, şeýle hem dürli hyzmatlardan peýdalanyjylaryň artmagyna getirýär. Hormatly
Prezidentimiziň syýasatynda bu ugurlara hem uly üns berilýär. Şunda azyk önümlerine, ilatyň ilkinji sarp edýän harytlaryna ösýän islegleri
kanagatlandyrmak maksady bilen, söwdany, ilatymyz üçin ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlar ulgamyny ösdürmek esasy wezipeleriň biri bolup galýar.
Üçünjiden, Maksatnamanyň durmuş häsiýetli maksatlary öňe sürülýär.
Täze iş orunlarynyň döredilmegine we ilatymyzyň durmuş taýdan
goraglylygynyň berk üpjün edilmegine gönükdirilen çärelere uly üns berilýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş
jaýlarynyň, aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň, ulag we beýleki durmuş hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdirilýär.
Dördünjiden, Maksatnamada ähli ugurlar boýunça amala aşyrylmaly işler öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek esasy maksat edilip goýlan.
Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň içerki ösüşi bilen bagly käbir görkezijilere üns çekildi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Dünýäde bolup geçen birnäçe ykdysady çökgünliklere garamazdan, jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklanyldy. 2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleri barha artýandygy hem-de hil babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigi bellenildi. Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 3 esseden gowrak köpeldi.
Mundan başga-da, nygtalyşy ýaly, içerki bazarda haryt üpjünçiligi doly kanagatlandyrylýar. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2008-nji ýylda 16 million manat bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 8,5 esse artyp, 140 million manada barabar boldy.
2022-nji ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanda ilatymyzyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilip, 7 milliondan gowrak ilat sany hasaba alyndy. Bu 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 milliona golaý ilatyň artandygyny görkezýär. Demografik ösüş ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynyň hasabyna üpjün edildi.