Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Tähranda eýranly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow çarşenbe güni Tähran şäherinde Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Ali Bageri bilen duşuşdy.

Iki ýurduň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary barada özaara pikir alyşdylar. Bu barada “IRNA” habarlar agentligi mälim edýär.

Sebit we halkara derejede bolup geçýän wakalara syn berildi. Şeýle hem iki goňşy ýurduň arasynda özara geňeşmeleri dowam etdirmegiň möhümligi bellendi.

Mälim bolşy ýaly, Ahmet Gurbanow geçen ýylyň noýabrynda daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenilmezden ozal, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde işläpdi. Iki ýurduň serhetleşýän çägi 1 müň kilometrden gowrakdyr.

Türkmenistan we Eýran ykdysady, ulag, gurluşyk we energetika toplumlarynda hyzmatdaşlyk edýärler.