Talyplar “Çarlak” gämisinde tejribelik işlerini geçýärler
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşleri bu gün dünýä döwletleriniň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallary netijesinde Hazar deňziniň türkmen böleginiň ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň deňiz flotyny giňeltmek, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýük akymlaryny artdyrmak, Türkmenistanyň Halkara deňiz Guramasynynyň Halkara deňiz gatnawyny ýeňilleşdirmek hakynda Konwensiýasyna goşulmagy boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Deňziň kenarynda ýaşap geçen gadymy ata-babalarymyzyň gämi sürüjilik, deňizçilik ýaly kesip-kärini dowam etdirmek bu ugurdan bilim alýan talyplaryň nazarýetde öwrenenlerini tejribe arkaly kämileşdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär.
Şu günler Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň suw ulagynyň ulanylyşy kafedrasynyň hem-de Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary “Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetiniň “Çarlak” gämisinde tejribelik işlerini geçýärler.Olara Deňiz söwda floty paýdarlar jemgyýetiniň halypa kapitanlary gämi sürmegiň inçe tilsimlerini, ýolagçylara hyzmat etmegiň düzgünlerini öwredýärler. Çünki ýaş gämiçiler- ertirki hünärmenler.Olar sanlyja ýyldan ýurdumyzyň deňiz-derýa ulgamynda mynasyp zähmet çekip, nazarýetde öwrenen bilimlerini amalyýetde durmuşa geçirerler.