Türkmen kanunçykaryjylary aýdyňlygy we netijeli kanunçykaryjylygy ilerledýärler
20-23-nji fewral aralygy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlykda kanunçykaryjylyk prossesiniň halkara tejribesi boýunça dört-günlük okuw maslahatyny gurnady.
Sazlaşykly işleýän kanunçylyk ulgamy netijeli döwlet dolandyryşyny, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramaklygy we durmuş-ykdysady ösüşi ilerletmegi üpjün etmekde diýseň ähmiýetlidir. USAID milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk edýär we durmuş-ykdysady hem-de döwlet dolandyryş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaklykda ýardam berýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde, USAID Türkmenistanyň deputatlary üçin parlament işi boýunça halkara öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşdyrýan okuw maslahatlaryny gurnady we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda parlament ulgamlaryny ýakyndan öwrenmek maksady bilen Türkmenistanyň parlamentarileri üçin okuw saparyny hem gurnamaklyga goldaw berdi.
USAID-iň dünýädäki kanunçykaryjylyk usullaryna bagyşlanan okuw maslahaty interaktiw sessiýalaryň, mysallary öwrenmekligiň we amaly ýumuşlary ýerine ýetirmegiň üsti bilen okuw maslahatyna gatnaşyjylaryň hemmetaraplaýyn mümkinçiliklerini berkitmeklerine ýardam berdi. Şeýle başlangyçlar arkaly, USAID Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň aýanlygynyň, hasabatlylygynyň we netijeliliginiň güýçlendirilmegine ýardam berýär we döwletiň durmuşy we ykdysady ösüşine goşant goşýar.