“Samsung” telewizor önümçiliginde öňdeligi saklady
“Samsung” telewozorlary öndürmekde dünýäde 18 ýyldan bäri öňdebaryjy bolmagynda galýar. Geçen ýylyň jemleri boýunça kompaniýa telewizor bazarynyň 30,1% -ini eýeledi.
Tehnologiýa bazaryny seljermäge ýöriteleşen “Omdia” ylmy-barlag kompaniýasynyň bilermenleriniň aýtmaklaryna görä, “Samsung” kompaniýasy bu pudakda 2006-njy ýyldan bäri eýeleýän öňdebaryjy ornuny has-da pugtalandyrdy.
Koreý öndürijisiniň üstünligi uly ekranly modellere we premium telewizorlara, ýagny “QLED” we “OLED” ekranly önümlere has köp üns bermegi bilen baglanyşyklydyr.
2017-nji ýylda önümçilige girizilen wagtyndan bäri, iň täze “Neo QLED” modellerini hem goşmak bilen, “Samsung-yň” “QLED” telewizorlarynyň 40 milliondan gowragy satyldy. Diňe 2023-nji ýylda “QLED” ekranly telewizorlaryň 8,31 milliony satyldy. Hususan-da, ekranynyň diagonaly 75 dýuýmdan gowrak, bahasy 2500 dollardan ýokary bolan telewizorlaryň has köp satylandygy bellärliklidir. Has takygy, kompaniýanyň bahasy 2500 dollardan geçýän önümleriniň umumy satuwdaky paýy 60,5% boldy. Şonuň 33,9%-i diagonaly 75 dýuýmdan uly, 30,4%-i hem 90 dýuýmdan uly bolan ekranly telewizorlara degişlidir.
Mundan başga-da, kompaniýa 2023-nji ýylda şeýle modelli telewizorlaryň 1,1 millionyny satyp, “OLED” telewizor bazarynda uly üstünlik gazandy. “Samsung” 2024-nji ýylda hem satuwyny artdyrmagy meýilleşdirýär.
Şeýle hem, kompaniýa emeli intellekt binýatly tehnologiýalar arkaly önümleriniň innowasion ösüşini dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Şeýlelikde, Sarp edijileriň halkara elektronika sergisinde (CES 2024) kompaniýa şekilleri ulaldýan we emeli intellekt algoritmlerini ulanyp ekranyň durulygyny ýokarlandyrýan ewolýusion häsiýetli “NQ8 AI Gen3” prosessoryny tanyşdyrdy.