Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň gorag zolaklaryny kesgitlemegiň tertibi tassyklandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen demir ýollarynyň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň gorag zolaklaryny kesgitlemegiň tertibi tassyklandy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommmunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew tarapyndan hödürlenen bu resminama anna güni, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekildi.
"Demir ýol ulagy hakynda" Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, gorag zolaklary – iki tarapyndan hem sowma zolaklaryna ýanaşýan we demir ýol ulagynyň obýektleriniň, şol sanda süýşýän topragyň çäklerinde we çäge syrgynlaryna hem-de beýleki zyýanly täsirlere duçar bolýan çäklerde ýerleşýän demir ýol ulagynyň obýektleriniň bitewiligini, berkligini we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, çäklerinde ýer bölekleriniň peýdalanylmagynyň aýratyn düzgüni bellenilýän çäkler.
Gorag zolaklary demir ýollaryň we demir ýol ulagynyň beýleki obýektleriniň howpsuz ulanylmagyny, şeýle hem süýşgüne, opurylma, köwülmä, sile we beýleki oňaýsyz täsirlere duçar bolýan ýerlerde ilatyň, demir ýol ulagynyň işgärleriniň we ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen bellenilýär.
Mysal üçin, gorag zolaklarynyň çäklerindäki ýer bölekleri üçin ýerden peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilýär, şunda bu ýer bölekleriniň eýeleriniň, peýdalanyjylarynyň ýa-da kärendeçileriniň şu aşakdaky çäklendirmeler bilen ondan peýdalanmaga hukuklary bardyr:
– raýat we senagat gurluşygynyň alnyp barylmagynyň gadagan edilmegi bilen;
– ygtyýarly edara bilen ylalaşylmazdan, islendik işiň ýerine ýetirilmeginiň gadagan edilmegi bilen;
– demir ýol ulagynyň kärhanalarynyň bu ýer bölekleriniň eýelerini, peýdalanyjylaryny ýa-da kärendeçilerini öňünden habarly etmek we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýetirilen zyýanyň öweziniň soňundan dolunmagy bilen gorag zolaklarynyň çäklerinde demir ýol ulagynyň obýektleriniň bejerilmegi we hyzmat edilmegi boýunça işleri geçirmäge, şeýle hem heläkçilik ýagdaýlarynyň netijeleriniň aradan aýrylmagy boýunça işleri geçirmäge hukuklary bardyr.