Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durky täzelenýär
Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, olar barada 23-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, taslama laýyklykda, atçylyk sport toplumynyň çäginde goşmaça täze athanalary, weterinar dermanhanany we at esbaplar dükanyny, açyk görnüşli awtoduralgany, suw howdanlaryny, tehniki binalary gurmak, şeýle hem dürli ölçegdäki monitorlary hem-de döwrebap enjamlary ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Bulardan başga-da, öňden bar bolan athanalaryň, esasy girelgäniň, tomaşaçylar münberiniň, karantin binasynyň, sport meýdançasynyň, açyk manežiň durkuny döwrebap täzelemek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bedew atlaryň türkmen halkynyň milli buýsanjydygyny nygtady.
– Ýurdumyzda atçylygy, şol sanda atçylyk sportuny ösdürmäge uly üns berýäris --- diýip, döwlet Baştutany belledi we wise-premýere Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelemegi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.