Aşgabatda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara maslahat geçiriler
23-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mertebäniň we buýsanjyň gymmatly çeşmelerine öwrülen şöhratly taryhymyz, maddy we ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär.
Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 27-nji martynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler.
Halkara ylmy maslahata ýurdumyzdan, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe, Özbegistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalaryndan we beýleki daşary ýurtlardan tanymal taryhçylaryň, arheologlaryň, gündogary öwrenijileriň, professor-mugallymlaryň we ýaş alymlaryň, muzeý işgärleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.
Foruma gatnaşyjylar şeýle hem bu şähere şu ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde guraljak dabaralara we çärelere gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň taryhynyň müňýyllyklara uzap gidýändigini belledi. Änew türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekany bolup durýar.