TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri, gurluşyk harytlary hem-de türkmen halylary ýerlenildi
Anna güni, 23-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlara ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa, ýeňil senagat, oba hojalyk önümleri, gurluşyk harytlary hem-de türkmen halylary ýerlenildi.
Daşarky bazarda Türkiýäniň, Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri «TPP D 30 S» kysymly polipropileni we «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.
Olar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden arassalanmadyk guradylan buýan köküni we kök baldagyny satyn aldylar.
Şeýle hem olar nah ýüplügini satyn almak boýunça türkmen kompaniýalary bilen geleşikleri baglaşdylar.
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «TPP D 382 BF» kysymly polipropileni we satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen, aşgarlanmadyk nah ýüplügini, bir adamlyk, iki adamlyk we maşgala üçin «Kreton» taýýar düşekçe toplumyny satyn almak barada Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.
Türkmen telekeçileri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna we elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 20 227 470,31 manada we 13 872 920 dollara deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.