Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Aziýa Parlament Assambleýasynyň 14-nji umumy mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 21-24-nji fewral aralygynda Azerbaýjanyň Bakuw şäherinde geçirilen Aziýa Parlament Assambleýasynyň (APA) 14-nji mejlisine gatnaşdy.
“Aziýada durnukly ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek” atly sessiýa 40 ýurtdan parlament wekiliýetleri, şeýle hem birnäçe halkara parlament guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy.
Gatnaşanlar sebitleýin we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, ykdysady, durmuş we medeni ösüş boýunça bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek, bilim we medeniýet pudagynda özara gatnaşyklary güýçlendirmek we maglumat alyşmagyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.
Çäräniň çäginde Ykdysadyýet we durnukly ösüş komitetiniň mejlisinde “Aziýada energetika bazaryny döretmek hakynda”, “Daşky gurşawy goramak”, “Ykdysady ösüş tagallalaryny goldaýan maliýe meseleleri”, “Garyplygy ýok etmek hakynda”,“Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goldaw hökmünde APA-nyň parlamentleriň ähmiýeti”,“Aziýada hemmeler üçin suw we lagym meselesi hakynda” we “Aziýanyň howanyň üýtgemegi boýunça maliýe başlangyjy barada” kararlar we taslamalar gözden geçirildi.
Umumy mejlisiň netijeleri boýunça Baku Jarnamasy we APA-nyň jemleýji hasabaty kabul edildi.