Merkezi Aziýada ulag infrastrukturasynda iň ähmiýetli öňegidişlik – Türkmenistanda
– Merkezi Aziýa sebitinde asfaltlanan ýollaryň uzynlygy soňky 20 ýylda 24,5 müň km artdy. Iň uly öňegidişligi ýol gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylýan ýurtlary – Türkmenistan bilen Özbegistanda bellemek bolar" – diýlip, Ýewraziýa Ösüş Bankynyň "Merkezi Aziýanyň ykdysadyýeti: täze garaýyş” atly dokladynda aýdylýar.
Ýewraziýa Ösüş Bankynyň maglumatlaryna görä, 2021-nji ýylyň görkezijilerini 2000-nji ýylyň bu ugurdaky netijeleri bilen göterim gatnaşygynda deňeşdireniňde, Türkmenistan umumy ulanyşdaky ýol ulgamynyň uzynlygynyň artmagy boýunça birinji ýerde durýar.
Türkmenistanda umumy uzynlygy 13,7 müň km bolan gara ýollar ulgamy döwrebaplaşdyrylýar we gurulýar. 200-e golaý köpri işe girizildi. 2030-njy ýyla çenli tamamlanmagy meýilleşdirilýän Aşgabat-Türkmenabat-Özbegistan bilen serhetýaka çenli uzaýan 600 km ýokary tizlikli gara ýoluň gurluşyk işleri dowam etdirilýär. Türkmenbaşy-Garabogaz-Gazagystan bilen serhetleşýän çäge çenli aralykda hem Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpri bilen ýokary tizlikli awtobanyň gurluşygy meýilleşdirilýär (298 km, onuň 225 km Türkmenistanyň çäginde) we bu ýol "Demirgazyk-Günorta" halkara ulag geçelgesiniň gündogar ugrunyň düzümine goşular.
Bütin Merkezi Aziýa bilen baglanyşykly derwaýys meseleleriň arasynda sebit ýurtlarynyň arasynda ýolagçy gatnawynyň ösmezligi görkezilýär. Howa ýollarynda hem şuňa meňzeş mesele bar. Döwletara awiasiýa komitetiniň (IAC, 2022) habar bermegine görä, Merkezi Aziýanyň käbir ýurtlarynyň paýtagtlarynyň arasynda göni uçuş gatnawlarynyň ýoklugy sebäpli, uçuşlary diňe Stambulyň üsti bilen amala aşyrmak bolýar.
21-nji asyrda Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerinde demir ýollaryň ösmegine strategiki ähmiýet berilýär. Ozal sebitde ýük daşalyşynyň göwrümi, häzirki döwür bilen deňeşdireniňde, ep-esli azdy. Ewraziýa ÖB-nyň dokladynda “Häzirki wagtda global üpjünçilik zynjyrlaryna has gowy integrasiýa mümkinçiligini berjek täze demir ýol ugurlary we konteýner hyzmatlary döredilýär” diýlip bellenilýär.
Hususan-da, uzynlygy 5188 km bolan demir ýol ulgamyny giňeltmek üçin Türkmenistanda birnäçe möhüm taslamanyň durmuşa geçirilendigi bellenildi. Geljekde uzynlygy 2000 km bolan esasy magistral bölümlerini elektrikleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistan gündogar-günbatar we demirgazyk-günorta ugurlary boýunça ýurdy ulag-aragatnaşyk merkezine öwürmek meselesini durmuşa geçirýär. Hereket edýän awtoýollary döwrebaplaşdyrmak, täze gara ýollary we polat ýollary gurmak, raýat awiasiýasynyň we gämi gatnawynyň maddy-tehniki binýadyny kämilleşdirmek we giňeltmek üçin uly göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär.