Türkmenistan bilen ÝHHG 2024-nji ýylyň dowamynda 40 golaý taslamany amala aşyrmak meýilleşdirýärler
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Bu resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen guramanyň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary boýunça anyk çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Umuman, şu ýylyň dowamynda 37 sany taslamany amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmaga gönükdirilen taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar.
Ykdysady we ekologiýa ugurlarynda meýilleşdirilýän taslamalar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekologik howpsuzlygy berkitmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleri çözmäge ýardam eder.
Ynsanperwer ulgamda hem birnäçe taslamalary amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Şol taslamalarda ylym we bilim, adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ýurdumyzyň demokratik institutlarynyň esaslaryny kämilleşdirmek, gender deňligini üpjün etmek, raýatsyzlyk meselelerini çözmek, köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmek ýaly ugurlarda çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli meýilnamanyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz işlenip taýýarlanan, bu gurama bilen mundan beýläk-de netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen meýilnamanyň syýasy, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlary öz içine alýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministrine ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.