TDHÇB-de söwdalar: daşarky bazarda ýeňil senagat önümlerine isleg bildirildi

Şenbe güni, 24-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşarky bazara ýurdumyzda öndürilen ýeňil senagat önümleri ýerlenildi.

Birleşen Arap Emirlikleriniň telekeçileri dokma galyndylaryndan regenirlenen süýümi satyn almak boýunça türkmen kompaniýalary bilen geleşik baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 189 750 dollaryna deň bolan 1 geleşik baglaşyldy.