“Samsung” özüniň ilkinji “akylly” ýüzügini Barselonada geçiriljek Ykjam tehnologiýalaryň bütindünýä kongresinde tanyşdyrar

“Samsung Electronics” kompaniýasy adam saglygyny biometriki usulda gözegçilik edýän täze “Galaxy Ring” atly “akylly” ýüzügini Barselonada geçiriljek Ykjam tehnologiýalaryň bütindünýä kongresinde tanyşdyrmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa emeli intellektiň binýadynda ýokary amatlylyga we saglyk görkezijilerini takyk görkezýän täze enjamlary çykarmak bilen elde göterilýän enjamlar eýýamynda öňdebaryjy bolmaga çalyşýar. Bu barada Koreýa Respublikasynyň kompaniýasynyň wekilleri ýekşenbe güni habar berdi.

“Samsung-yň” ilkinji “Galaxy Ring” ýüzügi gündelik durmuşda, hatda uklap ýatyrkaň hem dakynmak üçin amatlydyr. Ýüzügiň iç ýüzi barmagyňyzy gurşap alanda, ol saglyk ýagdaýyňyz baradaky maglumatlary takyk ölçäp biler. Kompaniýanyň mälim etmegine görä, täze enjam şu ýylyň ikinji ýarymynda çykar.

“Akylly” ýüzük dokuz sany ölçegde gara, altyn we kümüş reňklerde çykarylar. “Samsung” kompaniýasy 26-njy fewralda geçiriljek ählumumy ykjam tehnologiýa sergisinde täze önümiň daşky görnüşi, reňki we ululygy baradaky maglumatlary ilkinji gezek yglan eder. Enjam geçen aý Kaliforniýanyň San-Hose şäherinde geçirilen “Galaxy Unpacked” çäresinde hem gysgaça görkezildi.

Ykjam tehnologiýalaryň bütindünýä kongresinde adamlaryň täze ýüzügi dakynyp görmekleri üçin şert döredilmez we ol aýna gapda görkeziler.

“Galaxy Ring” atly täze önümi bilen “Samsung” “Apple Inc.” kompaniýasyndan öňdeligini görkezmek isleýär. Aýfon öndüriji kompaniýanyň işgärleriniň bellemeklerine görä, “Apple” özüniň ilkinji “akylly” ýüzügini şu ýylyň ahyryna çenli çykarmagy mümkin. garşy çykar. Dürli maglumat çeşmeleriň mälim etmegine görä, “Apple-iň” önümi obýektleriň arasyndaky aralygy we hereketi anyklap, galtaşan adam tenini tanap biler.

“Samsung” kompaniýasy şeýle hem, “My Vitality Score” we “Booster Card” ýaly täze maglumatlara esaslanýan saglyk programma üpjünçiligini hödürlär.

“Vitality Score” ulanyjynyň ukusyna, işjeňligine, ýürek urşuna we onuň üýtgemegine esaslanýan şahsy saglyk maslahatlaryny berýär. “Booster Card” ulanyjylara öňünden kesgitlenen maksatlary yzarlamak we peýdaly maglumatlary bermek arkaly saglyklaryny berkitmäge ýardam edýär.

Elektronika ägirdi enjamlaryň arasynda üznüksiz birikmekmegi üpjün edýän “SmartThings” programma üpjünçiligini görkezer. Programma üpjünçiligi has gowy uky üçin öýüňiziň yşyklandyrylyşyna gözegçilik edýär we derman kabul etmeli bolanyňyzda size duýduryş berýär. Şeýle hem, ol özüne birikdirilen telewizorda fitnes wideosyny görüp, ulanyjylara ýürek urmasyny we türgenleşik edilip durka ýakylan kaloriýalary ölçemäge mümkinçilik berýär.

Şeýle hem, kompaniýa hakyky wagtdaky maglumatlary gözlemek, uzak mazmunly resminamalary gysgaltmak we telefonda terjime etmek ýaly täzelikleri bolan “Galaxy S24” smartfonynyň emeli intellekt aýratynlyklaryny tanyşdyrar. Sergä gatnaşyjylar indiki aý täzelenjek “Galaxy S23” we “S23 FE-niň” emeli intellekt aýratynlyklaryny synap görmäge mümkinçilik alarlar.