Sues kanalyndan tranzit ýük gatnawy 42% azaldy
Sues kanaly arkaly ýük tranziti 2023-nji ýylyň maý aýyndaky iň ýokary derejesi bilen deňeşdirilende, häzir 42% azaldy. 2021-nji ýylyň dekabryndaky bilen deňeşdirilende, Panama kanaly boýunça bu görkeziji 49 göterim kemeldi. Bu barada Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň hasabatynda bellenilýär.
Hünärmenleriň pikiriçe, Sues kanalynyň üsti bilen konteýner gämileriniň hepdelik gatnawy 67% azaldy. Şol bir wagtyň özünde konteýner ýükleriniň gatnawy üçin ortaça nyrhlar hem ep-esli ýokarlandy.