Hytaý 6G emeli hemrasyny uçurdy

Hytaý Ýer orbitasyna iki sany synag hemrasyny uçuryp, indiki nesil aragatnaşyk ulgamyny ýola goýmakda ilkinji ädimlerini atýar, diýip China Global Television Network (CGTN) habar berýär.

Emeli hemralaryň birinjisi-China Mobile01 5G operasion ulgamynda işleýän enjam bilen üpjün edildi, ikinji emeli hemra- Xinghe-de bolsa, geljekki 6G ulgamy üçin niýetlenen özbaşdak enjam ornaşdyryldy.

Bilermenleriň aýtmagyna görä, 6G ulgamy 2030-njy ýyldan bärde giň ulanylyşa girizilmez.

Scientific American žurnaly 6G-niň maglumat geçirijilik tizligi 5G-den 10-1000 esse köp bolar diyip habar berýär. Munuň özi bir sekuntda terabitlerçe möçberdäki maglumaty ýüklemek diýmekdir, şeýle hem bu tehnologiýa köp ugurlarda ösüşi höwesledirer.

5G-niň ornaşdyrylmagy 2020-nji ýyllaryň telekommunikasiýalaryny kesgitledi, 6G bolsa 2030-njy we ondan aňyrky ýyllaryň tehnologiýasy bolar.

ABŞ-da 5G-niň köpýyllyk ornaşdyrylmagyndan soňra, 2030-njy ýyla çenli amerikalylaryň 91% 5G ulgamyna birikdiriler.

6G-ni ilkinji ornaşdyranlar tehnologik artykmaçlyklara eýe bolarlar, şoňa görä-de ýurlar bu ulgamda birinjilik ugrunda özara bäsleşýärler.