Özbegistan we Owganystan Haýraton – Mazari-Şerif demir ýolunyň durkuny täzeläp başladylar
Özbegistanyň demir ýollary ulgamynyň operatory «Uzbekiston temir ýullari» Owganystandaky Haýraton – Mazari-Şerif demir ýolunyň durkuny täzelemäge girişdi diýip, döwlet kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Özbegistan durnuky täzeleýiş işleriniň birinji tapgyryny ýerine ýetirmek üçin 120 işçi iberdi. Naibabad stansiýasyna ýük gatnawyny iň tiz wagtda gaýtadan dikeltmegiň esasy wezipe bolup durýandygy habarda bellenilýär. Şu maksat bilen birbada Haýraton stansiýasynyň «B» parkynda we demir ýol şahamçasynyň 57-nji kilometrinde toplumlaýyn işler alnyp barlar.
Demir ýol şahamçasynyň durkuny täzelemek barada Owganystanyň demir ýollary müdirligi bilen ylalaşyk 2023-nji ýylyň noýabr aýynda gazanyldy.
Demir ýol geçelgesi 2010-njy ýylda guruldy we oňa «Uzbekiston temir ýullari» kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan «Sogdiana Trans» hyzmat edýär.