Bir aýda türkmen-eýran serhediniň üstünden geçýän ýük ulaglarynyň möçberi 3 esse artdy
Türkmen ýük awtoulaglary pandemiýa sebäpli üçýyllyk arakesmeden soň, Sarahs-Sarahs serhet geçelgesinde Eýran bilen serhediň üstünden hereketi täzeden ýola goýdular. Bu hereket bolsa artýar, munuň özi iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňelýändigine şaýatlyk edýär.
Şeýle hem Türkmenistan öz çäklerinden geçýän eýran ýükleriniň bir tonna-kilometri üçin 1,5 dollar möçberdäki pajy aýyrdy. Bu hem ýük akymlarynyň artmagyna ýardam etdi diýip, Iran Front Page (IFP News) täzelikler saýty habar berýär.
Eýranyň Sarahs nokadynyň häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji Hasan Nurizadeniň sözlerine görä, bu serhet geçelgesinden geçýän ýük ulaglarynyň möçberi sentýabr aýynda bir günde 200-e barabar boldy, oktýabrda bolsa 600-e ýetdi.
Ol şeýle hem bu ýük ulaglarynyň ýarysyndan gowragynyň Eýranyňkydygyny, galanlarynyň bolsa Türkiýe bilen birlikde beýleki ýurtlardan gelýändigini belledi.
2022-nji ýylyň oktýabr aýynyň başynda Tähran Eýran bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň – Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň arasynda üstaşyr hyzmatdaşlyk boýunça ministrler derejesindäki ilkinji sammiti kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar üstaşyr hereketleri bir ýylda 20 million tonna ýüke çenli artdyrmak barada ylalaşdylar.