Türkmenistan we Gazagystan atly sport ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýýar
Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasynyň binasynda Gazagystanyň “JORYQ” atly sport federasiýasynyň ýolbaşçysy Bakytžan Turlybekow bilen duşuşyk geçirildi. Ol Gazagystanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Bütindünýä çarwadarlar oýunlarynyň çäklerinde guraljak “Beýik meýdan ýörişi” (Ұлы дала жорығы) atly marafon taslamasy barada gürrüň berdi. Dürli ýurtlardan azyndan 15 toparyň gatnaşjak atly marafonunyň geçmeli aralygy 500 kilometre uzar.
Turlybekow Türkmenistanda atly sport görnüşlerini we atçylygy ösdürmäge jogapkär düzümler bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagy teklip etdi. Ilçi Batyr Rejepow bu ugurda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny beýan edip, özara tejribeeriň alşylmagynyň ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrjakdygyny, atly sportuň milli däplerini wagyz etmäge ýardam etjekdigini belledi.
Ilçi atly sport görnüşlerini ösdürmekde Türkmenistanda alnyp barylýan işler, sebitde atçylyk pudagynda halkara derejeli ilkinji ýokary okuw mekdebi bolup durýan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň işi barada gürrüň berdi.
“JORYQ” atly sport federasiýasynyň ýolbaşçysy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen hyzmatdaşlyga hem-de türgenleşikleri geçirmegiň usulyýetlerini işläp taýýarlamakda, türgenleri taýýarlamakda, okuw maksatnamasyny gollanmalar bilen üpjün etmekde tejribeleri alyşmaga taýýardygyny aýtdy.