Türkmenistanyň Bilim ministri «Bilim şäherçesinde» ýerleşen Kataryň Ylym we tehnologiýa boýunça orta bilim berýän mekdebi bilen tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Bilim ministri Baýramgül Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Katar Döwletiniň Doha şäherine iş saparynyň ikinji gününde «Bilim şäherçesinde» ýerleşen Kataryň Ylym we tehnologiýa boýunça orta bilim berýän mekdebi bilen tanyşdyryldy.


Şeýle hem, Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedow we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilen Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Abdulaziz bin Muhammed Al-Huryň arasynda duşuşyk geçirildi.


Mundan başga-da,Türkmenistanyň Bilim ministri B.Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň «Bilim şäherçesiniň» ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçysy jenap Fransisko Marmoleýo we bu şäherçäniňýokary bilime çenli okuw we akedemiýa işleri bölüminiň başlygy Abir Al Halifa, şeýle hem, Kataryň Milli kitaphanasynyň başlygy Hamad Al Kawary bilen degişli duşuşyklar guraldy.


Hususan-da, agzalan duşuşyklarda, katar tarapyny ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy hem-de iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy maslahat edildi.


Şeýle hem, taraplaryň arasynda bilelikde okuw-usulyýet, ylmy seminarlary geçirmek, gysga möhletli gulluk, okuw we hünär kämilleşdiriş saparlaryny guramak ýaly hyzmatdaşlyk ugurlary barada nygtaldy. Soňra türkmen wekiliýeti «Bilim şäherçesiň» hem-de Kataryň Milli kitaphanasy bilen içgin tanyşdyryldy.