Türkmenistanly taryhçy alymlar Aziýanyň ýaş liderleriniň mekdebine gatnaşyp bilerler

Russiýanyň GDA-nyň, daşary döwletlerde ýaşaýan watandaşlaryň işleri we halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça federal agentligi Altaý döwlet uniwersiteti bilen bilelikde Aziýanyň ýaş liderleriniň mekdebiniň bäsleşigine gatnaşyp bilerler. Bu barada “Rossotrudniçestwo” federal agentligi mälim edýär.

GDA döwletlerinden we Mongoliýadan halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy boýunça ýaş liderler, taryhçy alymlar, arheologlar hem-de türkologlar Aziýanyň ýaş liderleriniň mekdebinde okuw geçip bilerler.

Okuwlar Moskwa, Barnaul we Gorno-Altaý şäherlerinde 16 – 22-nji maý aralygynda geçiriler. Oňa 25 – 35 ýaş aralygyndaky ýaşlar gatnaşyp bilerler.

Goşmaça maglumaty Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölümine ýüz tutup alyp bilersiňiz.