Türkmenistanyň we Özbegistanyň demirýolçylary ýük dolanyşygynyň ýokarlandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

«Demirýollary» AGPJ we «Uzbekiston temir ýullari» paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri Daşkentde geçirilen duşuşykda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ýük dolanyşygynyň ýokarlandyrmagyň we onuň yzygiderli üpjün edilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Özbegistanyň demir ýol edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar daşalýan harytlar we ulag serişdeleri barada deslapky maglumatlary alyşmagyň hasabyna ýük daşamalaryny artdyrmagyň, şeýle hem lokomotiw hojalygy ulgamy boýunça tejribe alyşmagyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijeleri boýunça agzalyp geçilen meseleler boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Gepleşiklerde türkmen tarapyna «Demirýollary» AGPJ-niň Baş direktorynyň orunbasary A.Hudaýberdiýew, özbek tarapyna Özbegistanyň «Uzbekiston temir ýullari» edarasynyň ýük daşamalaryny guramak boýunça müdiriýetiniň başlygy S. Norkobilow wekilçilik etdiler.