Türki akademiýanyň wekilleri mart aýynda Türkmenistana sapar ederler

Gazagystandaky Türki akademiýanyň wekilleri mart aýynda “Änew – türki dünýäsiniň medeni paýtagty – 2024” ýylynyň açylmagy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana geler. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepowyň we Türki akademiýanyň prezidenti Şahin Mustafaýew bilen geçirilen duşuşykda mälim edildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty şu ýyl iki sany iri – Änew şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasetli çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigini aýtdy. Bu çäreleriň çäklerinde milli we halkara çäreleriň birnäçesi geçiriler.

Taraplar bilelikdäki çäreleri guramak, medeni-ynsanperwer çäreleri guramaga, türki döwletleriň alymlarynyň gatnaşmagynda ylmy-barlag işleri alyp barmaga ýardam etmegi ylalaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen ilçisi Türki akademiýanyň prezidenti Şahin Mustafaýewe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Ýaşlar – Watanyň daýajy” atly kitabyny sowgat etdi.