TDHÇB-de söwdalar: içerki bazarda nebithimiýa önümleri, gurluşyk serişdeleri hem-de türkmen halylary ýerlenildi
Sişenbe güni, 27-nji fewralda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki bazarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa önümleri, gurluşyk serişdeleri hem-de türkmen halylary ýerlenildi.
Türkmen telekeçileri «TPP D 30 S» kysymly polipropileni satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen, aýna çüýşeleri satyn almak boýunça Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.
Şeýle hem olar elde dokalan türkmen halylaryny satyn aldylar.
Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 2 006 827,38 manatlyk 3 geleşik baglaşyldy.