Türkmenistan we BAE gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Abu-Dabiniň «ADNOC» milli nebit kompaniýasynyň pes uglerodly çözgütler we halkara ösüş boýunça ýerine ýetiriji direktory Musabbeh Al Kaabi Türkmenistana geldi. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Ol gaz pudagynda gatnaşyklary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri bilen duşuşdy.
Musabbeh Al Kaabi «ADNOC» kompaniýasynyň energiýanyň täze görnüşlerine we az uglerodly çözgütlere maýa goýumlarynyň dolandyrylyşyna, şeýle hem halkara ösüş, tehnologiýalary kämilleşdirmek we durnukly ösüş strategiýalaryna jogapkärdir. Al Kaabi häzirki wagtda «Mubadala Energy» we «Yahsat» kompaniýalarynyň direktorlar geňeşiniň başlygydyr.