Türkmen diplomaty parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň rumyn böleginiň başlygy bilen duşuşdy
27-nji fewralda Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň binasynda Ilçi A. Annaýew parlamentara türkmen-rumyn dostluk toparynyň rumyn böleginiň başlygy Anketil Koroli Kolçar bilen duşuşdy.
Duşuşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini we ýakyn geljek üçin meýilnamalary ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen tarapynyň başlangyjy bilen gurnaldy.
Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň arasynda parlamentar derejesinde oňyn özara gatnaşyklaryň bardygyny bellediler. Bu nukdaýnazardan syýasy-diplomatik, ýangyç-energiýa, ulag-aragatnaşyk, şeýle hem medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk ýaly ileri tutulýän ugurlar kesgitlenildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar esasy ünsi parlamentara gepleşikleri güýçlendirmegiň zerurlygyny bellediler. Iki ýurduň arasynda 2017-nji ýyldan bäri döredeilen türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň ähmiýetine ünsi çeken taraplar, ýakyn wagtda türkmen-rumyn dostluk toparynyň milli topar düzümini alyşyp, toparyň indiki duşuşygyny Aşgabat şäherinde şu ýylyň aprel ýa-da iýun aýynyň ikinji ongünlüginde guramak mümkinçiligine garamak barada ylalaşdylar.
Ilçi medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ugruna geçende, 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TURKSOY) hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde türkmen tarapynyň teklibi boýunça Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek teklibini ýygnaga gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldandyklaryny belläp geçdi. Türkmen tarapy, türkmen şahyr-filosofy Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna taýýarlyk işleriniň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda alnyp barylýandygyny habar berdi.
Bu nukdaýnazardan Rumyniýada türkmen şahyr-filosofy Magtymguly Pyragynyň heýkelini gurmak teklip edildi.
Taraplar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek baradada ylalaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Rumyniýanyň Milli telewideniýesi tarapyndan taýýarlanan Türkmenistan baradaky dokumental filmiň, ýurduň ykdysady üstünlikleri we medeni mirasynyň elementleri bilen tanyşmaga goşant goşan dokumental filmiň, Türkmenistanyň Rumyniýadaky abraýyny has-da berkitmäge mümkinçilik döredendigini we ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklaryň ösmegine we iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna möhüm goşant goşandygyny bellediler.