Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 9-njy iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «biziň ykdysadyýetde strategik ugrumyz, Konstitusiýamyzda bellenişi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmek bolup durýar» - diýip nygtady. «Şoňa görä-de, ähli döwlet kärhanalary ýuwaş-ýuwaşdan hususylaşdyrylýar ýa-da olaryň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilýär. Häzirki döwürde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň garamagyndaky ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň eýeçiliginiň görnüşi üýtgedilip, olar agentliklere öwrüldi» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň degişli kararlaryna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesiniň deregine ministrligiň hukuklarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi döredildi. «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenhowaýollary» agentligi hem-de «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi täze döredilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň garamagyna berildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ulag, aragatnaşyk, kosmos, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän, döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we oňa gözegçilik edilmegini amala aşyrýan döwlet edarasy bolup durýar.